Kompýuter wiruslarynyň taryhy

Kompýuter wiruslary, ähli kompýuter ulanyjylary üçin örän howply bolup durýar.  Wiruslar zyýanly programma üpjünçiligi bolup, ululygy gaty az we işlemek üçin başga bir faýla goşup bilýärler. Şeýle hem, ýatda saklanylan, ýerleşdirilen programmanyň gurluşyny üýtgedip we ulanyjynyň islegine garşy hereket edip biljek zyýanly programmalar hökmünde kesgitlenilýär.  Ölçegi gaty kiçi we programmirleme dilinde (gurnaýjy) taýýarlanýar.  Bu zyýanly programma üpjünçiligi, kompýuteriň BOOT sektory diýilýän hard disk maglumatlarynyň indeks bölüminde saklanýar. 1998-nji ýylda geçirilen gözlegiň netijesine görä 4000 töweregi wirus barlandy we olaryň ortaça ululygynyň 1198 baýtdygy anyklandy.

 1981-nji ýylda “XEROX PALO ALTO RESEARCH CENTER” şereketinde ilkinji soguljan wiruslar programmirlendi. Şol ýylda Prof. Leonard M. Adelman kompýuter wirusy düşünjesini ilkinji gezek ulandy. Kompýuter wiruslarynyň taryhyna ser salanymyzda, ilkinji kompýuter wirusy 1982-nji ýylda baý “SKRENTA” atly orta mekdep okuwçysy tarapyndan dostlaryny masgaralamak üçin ýazylypdy. Bu wirus kompýutere zyýan bermedi.  Diňe her gezek kompýuter açylanda bir goşgy görkezýärdi we maksady kompýuter ulanyjylaryndan ýüz öwürmekdi.    

Soňra birnäçe ýyllaryň dowamynda dürli ýyllarda “BRAIN”, “CASCADE”, “DARK AVENGER”, “I LOVE YOU”, “BRADTRANS” ýaly ilkinji kompýuter wiruslary ýüze çykdy we birnäçe kompýuterleriň hatardan çykmagyna getirdi. Häzirki wagtda wiruslaryň garşysyna hereket edýän birnäçe antiwirus şerketleri bar. Olar tölegli esasda kompýuterleri wiruslardan we soguljanlardan goraýarlar.

Şamuhammet MUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok