Bitaraplyk – buýsanjymyz

Türkmen halky parahat söýüjilik we dost-doganlyk duýgularyny özüne mukaddes duýgular hasaplaýar. Asyrlar boýy ata –babalarymyzyň arzuwlap gelen bitaraplygy bu gün dillerde sena, ýüreklerde buýsanç duýgusy bolup ýaňlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz 1991 –nji ýylda 12—nji dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş assambleýasynyň ýörite kararnamasynyň esasynda, 185 wekilçilik edýän döwletleriniň goldamagy esasynda ata watanymyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini aldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy özüniň oňyn derejesi bilen tapawutlanýar. Eýsem Bitaraplygyň mazmuny näme? Bitaraplyk – deňhukuklylygy, ählumumy parahatçylygy goldamaga we şol sanda beýleki döwletleriň içeri we daşary syýasatlaryna goşulyşmazlykdan we dünýäniň ýüzünde geçýän harby we oňyn däl hereketlere goşulyşmazlykdan ybarat bolup durýar. “Bitaraplyk” sözüniň gelip çykyşyna ýagny taryhy köküni ser salsak, bu söz “neýter” diýen latyn sözünden gelip, “bitarap” diýen manyny aňladýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ata Watanymyz häzirki wagtda Birleşen milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly ençeme abraýly guramalaryň agzasy bolup durýar. Bu bolsa Türkmen halkynyň Parahatçylyga, Dost-doganlyga we ynsanperwer gatnaşyga uly sarpa goýýanlygyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Ogulşirin ATAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok