Adam hukuklary güni

Adam hukuklary Jarnamasy adam hukuklary düzgünlerini düzen ilkinji dünýä guraly boldy.  1950-nji ýylyň 10-njy dekabryndan bäri dünýä jemgyýetçiligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumy mejlisinde resmi taýdan döredilen Adam hukuklary gününi belleýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda adam hukuklary baradaky ähliumumy Jarnamanyň (UDHR) kabul edilmeginiň we yglan edilmeginiň hormatyna 10-njy dekabr senesi Adam hukuklary güni hökmünde saýlandy. Bu Jarnama jynsyna garamazdan her kime mahsus bolan aýrylmaz hukuklary yglan edýän möhüm resminamadyr. Jynsyň, diliň, diniň, syýasy ýa-da başga ynançlaryň, reňkiniň, milli ýa-da jemgyýetçilik gelip çykyşynyň, emläk, synp ýa-da mümkin bolan ähli hukuklary, şol sanda millionlarça adamyň ýaşamak hukugyny bozýan aýylganç Ikinji jahan urşundan soň kabul edilen bu resminama, adam hukuklary baradaky düzgünleri düzen ilkinji dünýä resminamasy boldy. Jarnamada syýasy, raýat, jemgyýetçilik, medeni we ykdysady hukuklaryň giň topary bar.

Dünýädäki beýleki resminamalara garanyňda ýygy-ýygydan terjime edilýär. Onuň esasynda beýleki halkara şertnamalarynyň işlenip düzülmegi amala aşyryldy. Mysal üçin: “Şu gün kimdir biriniň hukuklary üçin göreşiň!” we beýlekiler.

Ýeri gelende aýtsak, her 5 ýyldan 10-njy dekabrda, Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň yglan edilmeginiň ýyl düzüminde BMG-nyň adam hukuklary boýunça baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirilýär. Bu baýrak Adam hukuklaryny öňe sürmekde we goramakda möhüm goşant goşanlary hormatlamak üçin 1966-njy ýylda döredildi we ilkinji gezek 1968-nji ýylda eýelerine gowşuryldy.

Jarnamanyň esasynda beýleki halkara şertnamalarynyň işlenip düzülmegi amala aşyryldy. Soňky on ýylda adam hukuklary güni her ýyl belli bir şygar bilen geçirilýär, şol sanda: “Adamyň mertebesi we adalat”, “Diskriminasiýa edilmezlik”, “Bütin dünýäde adam hukuklaryny goraýjylar diskriminasiýany ýok etmek üçin göreşýär”, “Biz adam hukuklaryna hormat goýýarys!”, “Sesim möhüm”, “20 ýyllap siziň hukuklaryňyz üçin göreşmek”, “Adam hukuklary ýylda 365 gün”, “Şu gün kimdir biriniň hukuklary üçin göreşiň!”  we beýlekiler.

Biziň ýurdumyzda hem bu gün mynasybetli birnäçe jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Bu günüň çäginde bolup geçýän çäreleriň esasy wezipeleri terbiýeçilik häsiýetlidir. 

.

Nowruz KURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok