Ýyldyrym çakmagy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar

Ýyldyrym çakmagyny görmedik ýok bolsa gerek. Güýçli ýagyşly günlerde ýyldyrym çakanda ýer bilen asmanyň arasynda elektrik togy ýüze çykýar.  Bu tok akymynyň tizligi 10-20 müň amper aralygyndadyr.  Bu güýçli tokdan emele gelen ýylylyk, howanyň giňelmegine we ýazylmagyna sebäp bolup, gözümiz bilen görýän ýyldyrymyň şahaly görnüşine sebäp bolýar. Ýyldyrym çakanda eşidýän sesimiz bolsa şok tolkunydyr.

Ýyldyrym bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar:

  • Ýyldyrymyň temperaturasy 30 müň dereje. Bu diýmek, günüň ýüzünden 5 esse gyzgynlygyny aňladýar.
  • Ýyldyrym netijesinde emele gelen energiýa 1 milliard wolta we 100 müň ampere ýetip biler.
  • Ýer ýüzünde her gün 3 million töweregi ýyldyrym çakýar.  Bu bolsa sekuntda 44 ýyldyrym çakýar diýildigidir.
  • Ýyldyrym sagatda takmynan 300,000 km tizlik bilen hereket edýär.
  • Ýyldyrymyň şol bir ýere ýene düşmeýändigi baradaky pikiriň hakykat bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur.  Ýyldyrym şol bir ýere birnäçe gezek düşüp biler.  Mysal üçin, Nýu-Yorkorkdaky “Empire State Building” binasyna ýylda ortaça 24 gezek ýyldyrym düşýär.
  • Ýyldyrymdan we gök gümmürdisinden gorkmak keseline “astrofobiýa” diýilýär.

Aýnur AHMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok