Germaniýanyň belli awtoulag kompaniýasy Wolkswagen Ford Ranger bilen bilelikde öndüren Amarok kysymly täze awtoulagynyň ilkinji suratlaryny internet ulgamyna ýaýratdy.
Soňky döwürlerde Dünýäde awtoulaglaryň pikap görnüşleri has hem uly meşhurlyk gazanýar. Şonuň üçin hem Wolkswagen kompaniýasy pursatdan peýdalanyp bu ugurda öňdeligi eýelemek isleýär.
Ford Ranger we Wolkswagen kompaniýalarynyň bilelikde öndürjek bu awtoulagy iki kompaniýanyň nyşany bilen hem köpçülige hödürleniler. Täzeçe stilde düzülen awtoulagda LED çyralary we multimediýa ekranlary aýratyn ünsi çekýär.
Şeýle-de, awtoulag W6 hereketlendirijä eýe bolup, ol benzin arkaly işlär. Mundan başga-da, bu awtoulaglar Günorta Afrikada hem-de Argentinada 2022-nji ýylda öndürilip başlanar.
Annaberdiýewa Bibimerýem
Türkmenistanyň döwlet energetika insitutynyň
senagat-tehnologiýa fakultetiniň metallary işläp
bejermegiň tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler