Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat toplumy boýunça ösen tehnologiýalaryň iň soňky innowasiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, hususan hem, innowasion esasda elektron pudagyny döretmek we ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty ýola goýmak hem-de içerki we daşarky bazarlara gönükdirilen elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän we bazar üçin ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen senagat pudagy boýunça işjeň işler alnyp barylýar.
Durmuşa geçirilýän strategik taslamalarda energiýa serişdelerimiziň netijeli peýdalanylmagy arkaly halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün edilmegi, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbitleri üçin ulanylmagy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenilýär.
Gülşirin GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler