Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek hem-de ony gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde hem taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýerlerde gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar tarapyndan täze tapyndylary ýüze çykaryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Abiwerd galasynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Ýagny, bu tapyndylar Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny subut edýär.
Orta asyr Abiwerd ýadygärliklerinde ýüze çykarylan bu täze tapyndylar ylmy-barlaglardan we degişli rejeleýiş işlerinden soňra ýurdumyzyň döwlet muzeýlerine tabşyryldy.
Orazgeldiýewa Aýtäç
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymy
Teswirler