1995-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň ykbalynda buýsançly wakalaryň biri bolup geçdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi.
Türkmenistan üçin Bitaraplyk, halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen hukuk ýagdaýy bolmak bilen, parahatçylygy gorap saklamak, her bir döwletiň gazananlaryna, milli gymmatlyklaryna hormat goýmak, birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara howpsuzlygy üpjün etmek, daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam etmek, adam bähbitlerine gulluk etmek, sebitde we onuň çäklerinden daşarda bar bolan meseleleri çözmek boýunça netijeli gepleşikleri ýola goýmak üçin şertleri döretmek arkaly halkara gatnaşyklara doly derejeli gatnaşmak ýaly ýörelgeleri özünde jemleýär.
Bitaraplyk derejesi ýurdumyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň şygary Durnukly Ösüş maksatlary bilen baglylykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň Konsepsiýasyny beýan edýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi häzirki zaman şertlerde Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Begenç MUHAMMETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler