Sportuň görnüşleri

Küşt oýny 1500 ýyldan hem köp döwri öz içine alyp, käbir maglumatlara görä, ilkinji küşt oýny boýunça halkara ýaryşlar IX-X asyrlarda geçirilipdir. Şol döwrüň ilkinji ussat küştçileriniň biri hökmünde bolsa türkmen Muhammet As-Suly ykrar edilipdir. 1886-njy ýyldan başlap bolsa dünýäniň birinjiliginiň çäklerinde medallar ugrunda bäsleşlipdir.

Sambo – başabaş söweşiň köpugurly görnüşi bolup, XX asyryň başynda döredildi. Sambo halkara sport ginişligine geçen asyryň 60-njy ýyllarynda çykdy. Özüniň netijeliligi hem-de täsirliligi bilen bu göreş ugry öran  çaltlyk bilen bütindünä  ykranamasyna eýe boldy.

Kuraş sport göreşi hökmünde geçen asyryň 90-njy ýyllarynda esaslandyryldy. 2003-nji ýylyň 24-nji ýanwary kuraş üçin taryhy senä öwrüldi. 2003-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geneşi göreşiň bu görnüşini resmi taýdan ykrar edip, ony hermişelik esasda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizdi.

Bouling dünýäde sportuň köpugurly görnüşleriniň biridir. Bouling sporty birnäçe ugurlara bölünýär. Häzirki zaman boulinginiň watany Germaniýa hasaplanylýar. Bu oýun bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir.

1515-nji ýylda suwda ýüzmek boýunça ýaryş Wenesiýada geçirilipdir. Sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji resmi gurama 1869-njy ýylda Beýik Britaniýada esaslandyrylypdyr. Sportuň bu görnüşiniň esasy 4 ugry hereket edýär.

Basketbolyň watany ABŞ hasaplanylýar. Onuň ady iňlis ýagny «basket» (tor) we «ball» (top) diýen sözlerden gelip çykypdyr. Basketbol Olimpiýadanyň maksatnamasyna ilkinji gezek 1936-njy ýylda Berlin oýunlarynda girizilipdir.

Guşakly göreş sportuň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Guşakly göreş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 2002-nji ýylda geçirildi.

Atly sport konkur  atçylyk sportunyň has gyzykly görnüşleriniň biridir. Ol Fransiýada XIX asyryň ortalarynda döredilipdir. 1900-nji ýylda konkur sporty Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdir. Sportuň bu görnüşinde üstünlik köp babatda adamyň we atyň sazlaşykly hereketine bagly bolup durýar.

Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok