BITARAPLYK – BUÝSANJYM

Geçmişde 70-den gowrak döwlet guran türkmen halky taryhda şanly ýeňişleri, edermen, gaýduwsyz hem akyldar şahsyýetleri bilen tanalýar. Nesilbaşymyz Oguz han, Gorkut ata, edermen Görogly beg, döredijiligi paýhas mekdebi hasaplanýan dana Magtymguly Pyragy, şeýle-de ençeme türkmen han-begleri türkmen halkynyň jebisligi, agzybirligi, bütewiligi üçin uly işleri alyp barypdyrlar, halkyň elmydama bir bolmagyny ündäpdirler. Ynha, türkmen halkymyz 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny, 1995-nji ýylda baky Bitaraplygyny gazanyp, özbaşdak döwlet boldy. Magtymguly atamyzyň arzuw eden “Berkarar döwleti” gurulyp, bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkymyzyň her güni toý-dabaralara beslenýär. Ýetip gelýän şanly Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllygy mynasybetli bu günki günde Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň sergi jaýynda açylan “Bitaraplyk – buýsanjym” atly döredijilik sergisi hem şonuň aýdyň mysalydyr. Sergä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen erkin suratkeşler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa hem-de ýaş mugallymlary öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Sergide 220-den gowrak şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilip, olarda baky baharymyz hasaplanýan sarsmaz Bitaraplygymyz, asuda hem parahat durmuşymyz, bagtyýar zamanamyz çeper wasp edilýär.

Sergide Babageldi Owganow, Allamyrat Muhammedow, Kamil Weliahmedow, Baýram Nuryýew ýaly halypa suratkeşlerimiz tarapyndan döredilen tematiki eserler agdyklyk edýär. B. Owganowyň türkmen toýunyň däp-dessura dolan gyzykly pursatlaryny suratlandyrýan nakgaş eserlerinde halkyň baý şadyýan dünýäsine alyp barýar. A. Muhammedowyň millilige ýugrulan “Gumly gelinler” eserinde parahat türkmen durmuşynyň bir parçasy açylyp görkezilýär. B. Nuryýewiň hem-de K. Weliahmedowyň sergä gatnaşýan nakgaş eserleri asuda zamanamyzyň bagtly waspçylary hökmünde öňe çykýarlar.

N. Kaluginanyň “Torgaý saýraýar”, G. Goçmyradowyň “Bagyr”, K. Weliahmedowyň “Sekizýap çeşmesi”, A. Kinýakiniň “Tebigat” ýaly reňk öwüşginlerine baý peýzaž eserlerinde türkmen topragynyň gözelligi, baýyrlaryň, düzlükleriň ýaşyl öwsüp oturan görnüşleri şahyrana beýan edilýär. Şeýle-de realistik akymda çekilen dürli natýurmortlar şu žanrda gazanylýan üstünlikleri aýdyň ýüze çykarýar. Ö.Mämmetnurowyň “Hajy Ysmaýylowyň portreti”, “Kompozitor Rejep Allaýarow”, B.Çaryýewiň “Beýik halypalar” ýaly eserlerde adamyň içki dünýäsini, şahsyýetini açyp görkezmeklige synanşylýar.

Gündogaryň miniatýura däplerine ýykgyn edýän zenan suratkeş Maral Hojagulyýewa häzirki wagtda-da döredijiligine mahsus çeper ýazyş usulyny dowam edýär. Onuň eserlerinde bolup geçýän wakalar, sahnalar bir tekizligiň ýüzünde görkezilip, dürli nyşanlar bilen baýlaşdyrylýar. Suratkeşiň eserlerini tapawutlandyrýan aýratynlyk adam keşpleriniň umumylaşdyrylyp, milli lybaslardaky, halydyr keçe önümlerindäki nagyşlaryň bolsa, jikme-jik işlenilmeginde jemlenýär.

Nakgaş eserlerinden başga-da sergä gatnaşan heýkel we amaly-haşam sungatynyň önümleri ekspozisiýanyň özboluşly bezegine öwrüldi. Erkin heýkeltaraş O. Gurbanowyň “Ägirtler Watany özgerdýär” atly heýkel eseri, şeýle-de birnäçe kiçi göwrümli tematiki heýkeller ýerine ýetiriliş usullary, çeperçilik aýratynlygy, taslama gurluşy boýunça özboluşly hem biri-birinden tapawutlydyr. Sergide amaly-haşam sungatynyň adyndan çykyş edýän Aýna Patarowanyň döreden keçe önümi özüne çekiji tematiki sahnany açyp görkezýär. Inedördül şekilli keçäniň ýokarky böleginde mawy reňkler bilen görkezilen bulutly asman reňk aýratynlygy boýunça eseriň ähli beýleki böleklerinde ulanylan ýyly goňur, sarymtyl-mele, gyzgalt reňkler bilen gapma-garşylygy emele getirýär. Suratkeş eserinde binagärlik gurluşlaryny, galanyň derwezesine alyp barýan ýolda düýeleriň we adamlaryň şekilini umumylaşdyryp, keçäniň gyralarynda saýlan nagşy bilen umumy taslamadaky şekilleri gaýtalaýar.

“Bitaraplyk – buýsanjym” atly döredijilik sergisi görkezilýän eserleriň döwrebaplygy, täzeligi bilen tapawutlanýar. Baky Bitaraplygymyzy, abadan durmuşymyzy wasp edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaş nesliň aňynda Watançylyk ruhuny terbiýelemekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halkymyz üçin ýokary ähmiýetine düşünmekde wajyp orna eýedir. Sergi tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar.

.

Gülnara Kurbanmuhammedowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok