Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän “Monotype” kompaniýasy taryhda ilkinji gezek ýurdumyzda döredilen şrifti özüniň “Myfonts” platformasynda satuwa çykardy.
Täze türkmen şrifti, “Belli Creative” studiýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülip, “Garagum” diýlip atlandyrylýar. Bu şriftiň 238 glifden, 13 harp alternatiwinden we birnäçe ligaturadan ybarat bolan tehniki häsiýetnamasy diňe türkmen dilinde däl, Günbatar Ýewropa dilleriniň aglabasynda ýazmak üçin zerur bolan diakritiki häsiýetleri özünde jemleýär. Studiýanyň hünärmenleri şriftiň döredilmegi ugrunda dört aý töweregi zähmet siňdirdiler. Belläp geçsek, “Belli Creative” studiýasy 2014-nji ýyldan bäri brending we grafika pudagynda hyzmat edip gelýär.
“Garagum” diýlip atlandyrylýan türkmen şriftiniň tehniki häsiýetnamasy barada “Myfonts” platformasynda şeýle hem “Belli Creative” studiýasynyň web sahypasynda ýörite taýýarlanan bölümde şriftiň estetiki aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada giňişleýin tanyşmak mümkin.
ABŞ-nyň “Monotype” kompaniýasy barada aýdanymyzda bu kompaniýa 1887-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň döreden “Times New Roman”, “Arial”, “Gill Sans” ýaly şriftleri dünýäde müňlerçe hat-da millionlarça adam tarapyndan peýdalanylýar. Şereketiň 2000-nji ýyldan bäri hyzmat berip gelýän “Myfonts” platformasy 60 müňe golaý şrifti özünde jemleýär.
Aýnabat ZAMANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Energetika we
inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.
Teswirler