Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň galkynmagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanlaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzda döwrebap milli sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ilki bilen ilatymyzyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmagyna, ýurdumyzyň ýokary depginli ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegine hem-de milli işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornunyň pugtalandyrmagyna getirer.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji we gurujy intellektual bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek, netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda, ylym-bilim, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp başarnygyny açyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Nurtäç ATAJANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok