Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň maldarlary gyş möwsümine oňat taýýarlykly geldiler. Etrabyň maldarlary dowarlary we iri şahly mallary ýyly, dok gyşlatmak maksady bilen, ýokary hilli, ýeterlik ot-iým ätiýaçlygyny döretmäge, agyllardyr ýataklary, kaşarlary talabalaýyk taýýarlyk hataryna getirmäge aýratyn ähmiýet berdiler.
Etrabyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri ot-iým taýýarlamak işine irki möhletde girişip, onuň ýeterlik möçberdäki ätiýaçlygyny noýabryň ortasyna çenli döretmegi gazandylar. Şeýlelikde, olar häzirki güne çenli iýmiň, şol sanda arpanyň, däne garyndysynyň, kepegiň, sarunyň jemi 1260 tonnadan gowragyny taýýarlap, bu babatdaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Umuman alanyňda, Ak bugdaý etrabynda ot-iýmiň jemi 23 müň 505 tonnasy taýýarlanyldy. Has takygy, ýorunja bedesiniň 1692 tonnasy, samanyň 4211 tonnasy, ýandak we meýdan otunyň 9068 tonnasy, senaž-sellažyň 2625 tonnasy, silosyň 4647 tonnasy taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama 100,5 göterim ýerine ýetirildi.
Esasan hem etrapda ot-iým taýýarlamak işleri M.Sopyýew adyndaky oba-hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, «Abadan», «Ýerbent» daýhan birleşiklerinde has-da guramaçylykly alnyp baryldy.
Jahan NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler