Iň uly nebit kompaniýalary uglerod zyňyndylarynyň iň pes derejä ýetjek senesini yglan etdi

Dünýädäki iň uly nebit söwdasynyň ýokary hasaplanylýan Saud Arabystan döwletinde ýerleşýän iň uly nebit kompaniýalary, atmosfera uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaltmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. “Bu uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaltmak üçin bize birnäçe ýyllar gerek bolar” diýip, kompaniýalar metbugata beren beýanynda mälim etdiler.

Şeýle-de daşky gurşaw bilen we nebit-gaz pudagyna gönükdirilen maslahatda, bu prossesi gözegçilik astynda saklanmagynyň zerurdygy aýdyldy.

Saud Arabystany dünýädäki atmosferanyň hapalanmagyna iň köp goşant goşýan ýurtlaryň arasynda. Şeýle-de bolsa, ýurt daşky gurşawa zyňylýan uglerody we plastik galyndylaryny aradan aýyrmak boýunça birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Iň soňky beýanatynda Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny 30% azaldar diýip yglan etdi.

“Howanyň üýtgemeginiň getirjek betbagtçylyklaryndan gaça durmak we ýaşap boljak planetany isleýän bolsak, bu ugurda çäre görmegimiz zerurdyr” diýip, BMG-niň wekili belläp geçdi. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy, 130-dan gowrak ýurduň 2050-nji ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny nola çenli azaltmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Gülendam ESENOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok