HIMIÝA PUDAGYNYŇ BATLY GADAMLARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň himiýa pudagy ýokary depginler bilen ösýär, özgerýär hem-de belent sepgitlere ýetýär. Gahryman Arkadagymyzyň geljegi uly bolan himiýa pudagyna aýratyn üns bermegi netijesinde «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli himiýa kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy we olaryň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň has-da artmagyna uly itergi berýär.

Häzirki wagtda diwersifikasiýa arkaly ösüş ýoluna düşen berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze-täze döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ulgama ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Himiýa senagaty pudagy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biri hasaplanýar. Bu pudak mineral dökünleri, natriý sulfatyny, ýody, bromy we brom önümlerini, tehniki uglerody we beýleki himiýa önümlerini öndürýän pudakdyr. Mineral dökünleri öndürmegiň giň gerimde alnyp barylmagy we olaryň görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mineral dökünlere bolan islegini öz güýjümiz bilen doly kanagatlandyrmaga şert döretdi hem-de bu dökünleriň daşary ýurtlara eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Närtäç HOJANEPESOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok