BITARAPLYGYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşleriniň üstünliklere beslenmegi hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hem bagly bolup durýar. Halkymyz bu günki günlerde şanly Bitaraplyk baýramçylygymyzy zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarlar. Gün-saýyn uly ösüşlere eýe bolýan gözel ýurdumyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Zähmet söýer ildeşlerimiziň bolsa bu eşretli zamanada ýaşaýandyklaryna buýsançlarynyň çäginiň ýokdugy her bir işde aýdyň subut edilýär.

Şanly Bitaraplyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Aýdym-saz sungatyndan bilim alýan talyplar, özleriniň halypa mugallymlary bilen bilelikde döredijilik hem ýerine ýetirijilik işleri bilen Bitaraplyk baýramçylygynyň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Golaýda bu ýokary okuw mekdebiniň Saz mugallymçylygy kafedrasynyň uly mugallymy Meýlis Myratgeldiýewiň Aýdym aýtmak hünäri boýunça bilim berýän talyplary bilen bilelikdäki Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli geçiren konserti hem örän gyzykly boldy. Konsertde türkmen hem daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Aýry-aýry heňlerdäki aýdymlaryň düýp mazmunyny bermeklige çalyşmak bilen, olary ýerine ýetirýän talyplaryň her bir äheňi duýmaklykdan baş çykaryp bilýändiklerini subut edýär.

Muňa bolsa konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen D. Nuryýewiň “Küýsedim”, R. Gutlyýewiň “Oba gyzlary”, R. Rejepowyň “Saňa”, A. Babaýewiň “Söýgülimiň gözleri”, B. Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, D. Hydyrowyň “Bagyş et maňa”, N. Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” kinofilminden “Aýnanyň balladasy”, A. Agajykowyň “Bilbil näme saýraýar?”, W. Muhatow bilen A. Şapoşnikowyň “Zöhre we Tahyr” operasyndan Zöhräniň aýdymy, F. Şubertiň “Barkarolla”, J. Kaççininiň “Awe Maria” ýaly birnäçe aýdymlar aýdyň şaýatlyk etdi. Bu ajaýyp aýdymlary M. Beýmanowanyň hem Ý. Wýaçeslawownanyň sazandarlyk etmeklerinde M. Çaryýew, A. Mergenow, B. Esengulyýew, G. Guwançow, K. Rüstemow, N. Joraýewa, K. Artykowa, S. Rahmanowa dagylar uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde mugallymyň yhlas bilen bilim berýän talyplarynyň ýerine ýetirijilik ukyplarynyň ýokarydygyny olaryň dürli häsiýetlerdäki eserleri ökdelik bilen aýtmaklygy başarýandyklaryndan duýmak bolýar. Geljekde aýdym-saz ugrundan çagalara bilim berjek bu talyplar aýdym aýtmak hünärini özleşdirmek bilen, şunuň ýaly konsertlerde çykyş edip özleriniň tejribelerini artdyrýarlar.

Konsertiň dowamynda mugallym Meýlis Myratgeldiýew hem birnäçe aýdymlary bilen çykyş etdi. Tejribeli mugallymyň aýdym aýdyş ussatlygy netijesinde ýerine ýetirmeginde dürli çylşyrymly aýratynlyklar bilen tapawutlanýan, türkmen hem daşary ýurt kompozitorlarynyň birnäçe eserleri ýaňlandy. Meýlis mugallym talyplarynyň ökde bolup ýetişmeklerinde aladalanyp alyp barýan işleri onuň hut özüniň görelde görkezmekliginde jemlenýär. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik mekdebiniň ünsden düşürilmän gelýändigini ýene-de bir gezek äşgär edýän bu dabaraly baýramçylyk çykyşy oňa gatnaşan myhmanlarda, mugallymlarda hem talyplarda uly täsir galdyrdy.

D. Nuryýewiň “Toý aýdymy” atly aýdymy konsertiň ýakymly soňlanmasy boldy. Bu aýdym uly mugallym M. Myratgeldiýewiň konsertde çykyş eden talyplarynyň jemlenmeginde şadyýan hem şowly ýerine ýetirildi. Bu bolsa olaryň indiki işlerine döredijilikli çemeleşmekleri üçin itergi bolup durýar.

.

Röwşen Muhammedow,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok