Alymlar emeli usulda sygyr süýdüni öndürdiler

Tehnologiýanyň ösmegi bilen her gün täze we gyzykly wakalar bolup geçýär. Ysraýylyň tehnologiýa esaslanyp, maldarçylyk pudagy bilen ýakyndan gyzyklanýan “Imagindairy” şereketi bu ugurda täzeçe usullary ulanyp üýtgeşik açyşlar bilen dünýäni haýrana goýýar. Ýakynda bu şereket sygyr bolmazdan emeli usulda sygyr süýdüni öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar.

Şereket bu ugurda, süýt beloklaryny ösümliklere geçirmek arkaly laboratoriýa gurşawynda emeli usulda sygyr süýdüni öndürip bilendiklerini habar berdi. Sygyryň hakyky süýdi bilen hiç hili tapawudy bolmadyk bu süýt haýsydyr bir haýwan gatnaşmazdan, laboratoriýa gurşawynda öndürildi.

Geçirilen gözlegler we synanyşyklar emeli aňyň kömegi bilen amala aşyryldy. Alymlar süýt beloklarynyň DNK kodlaryny kömeleklere we beýleki ösümlik organizmlerine geçirilip tebigy süýdi alandyklaryny aýdýarlar. Emeli usulda öndürilen süýtler 2023-nji ýylda satuwa çykarylar.

Şereket, adamlaryň şeýle-de beýleki haýwanlaryň daşky gurşawa çykarýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda bu taslamanyň örän möhümdigini aýdýarlar. Şeýle hem şereket bu taslama üçin 10 million dollar maýa goýumyny goýandygyny mälim etdi.

Maral GYLYJOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok