Soňky wagtlarda köp kompaniýalar öz uçýan awtoulaglaryny öndürmek we geljekde ulanmak üçin birnäçe işleri alyp barýarlar. Ýollarda emele gelýän gyslyşygy doly ýok etmegi maksat edinýän bu ulaglar üçin täze tehnologiýalar işlenip düzülýär.
Fransiýa 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda elektrikli uçýan taksileri ulanmagy meýilleşdirýär. Häkimiýetler bu maksada ýetmek üçin ýakyn aýlarda Parižiň töwereginde synag geçirip başlarlar. Berilen beýannamalara görä, uçýan taksiler iki dürli ugurda ulanylar. Bularyň birinjisi Parižiň “Paris Charles de Gaulle” we “Le Bourget” howa menzilleriniň arasynda, ikinjisi bolsa Parižiň günorta-günbatarynda ýerleşýän iki şäheriň arasynda ulanylar.
Fransiýanyň Transport ministri, hyzmatdaşlaryň, synag meýdançalarynyň we düzgünnamalaryň kem-kemden taýýarlanýandygyny mälim edip, “Synaglar üstünlikli bolsa, 2024-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda uçýan taksileri ulanarys” diýip, belläp geçdi. Taslama “Volocopter”, “Airbus”, “Wertical Aerospace” we “Lilium” ýaly elektrikli uçýan uçarlary öndürýän kompaniýalaryň hem gatnaşjakdygy mälim edildi.
Synaglaryň geçiriljek ýeriniň taýyndygyny mälim eden häkimiýetler, bu ulaglaryň Olimpiýa oýunlary wagtynda bellenen ugurlaryň arasynda adamlary we materiallary tiz wagtda daşamaga mümkinçilik berer.
Adyl AMANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.
Teswirler