2023-nji ýylda nebitiň bahasynyň 150 ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar

2022-nji ýylda nebitiň bir barreliniň bahasy 125 ABŞ dollaryna we 2023-nji ýylda bolsa 150 ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar. Munuň sebäbi bolsa OPEC+ toparynyň önümçilik kuwwatynda ýüze çykýan kemçilikler bolup durýar.

ABŞ-nyň käbir banklary, Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy bolan OPEC+ we onuň hyzmatdaşlarynyň hakyky nebit önümçilik kuwwatynyň häzirki çaklamalardan pesdigini nygtaýarlar. Şeýlede bu banklar metbugata beren beýanynda “OPEC+ topary 2022-nji ýylyň başynda meýilleşdiren nebit önümçiligini artdyrmak boýunça depginini peselder we nebitiň bahasy belli bir ýokary derejä barmasa topar nebit üpjünçiligini artdyryp bilmejekdigini çaklaýarys” diýip, belläp geçdiler.

Berilen beýanata görä, 2022-2023-nji ýyllarda dünýädäki nebit isleginiň günde 99,8-101,5 million barrele ýeter. Häzirki wagtda “Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 71 ABŞ dollaryna barabardyr. Şu ýylyň başyndan bäri “Brent” nebitiniň bahasy takmynan 70% ýokarlandy, emma noýabr aýyndan başlap pese düşdi. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ we beýleki nebit sarp ediji döwletler benziniň bahasyny aşak düşürmek we inflýasiýanyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyň öňüni almak üçin strategiki ätiýaçlyklaryndan millionlarça barreli boşatmak baradaky ylalaşygy bar.

Azat AMANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Energetika we
inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok