Jemgyýetçilik torlarynyň öňdebaryjylarynyň biri bolan “Twitter” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Jek Dorsi kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gidýändigini, öz twitter saypasyndan mälim etdi. Twitteriň täze ýolbaşçysy wezipä bolsa, şol kompaniýanyň tehniki direktory Parag Agrawal geler.
Twitter – dünýä belli öňdebaryjy jemgyýetçilik tory bolup, ol ABŞ-nyň “Odeo” kompaniýasynyň işgärleri Jek Dorsi, Noa Glasson, Ewan Uilýams we Biz Stoun tarapyndan 2006-njy ýylda esaslandyrylypdy. Jek Dorsi öz ilkinji habarnamasyny 2006-njy ýylyň 21-nji martynda Jek Dorsi “Öz “Twitter” hasabyny sazlaýaryn” diýen sözlem bilen yglan edipdi. Bu habarnama 2021-nji ýylda auksionda 2,9 million dollara satyldy.
Dorsi 2006-2008-nji ýyllarda bu kompaniýanyň baş direktory bolupdy. Soňra täzeden bu wezipä 2015-nji ýylda saýlandy. “Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, Dorsiniň emälgi 11,8 milliard dollara deňdir. 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maglumatyna laýyklykda, her gün “Twitter” jemgyýetçilik toruny tutuş dünýäde 211 million adam peýdalanýar
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler