Bir ýyly 16 sagat sagat bolan täze planeta tapyldy

Gün ulgamyndaky ähli planetalar Günüň daşyndan aýlanýar. Beýleki ýyldyzlaryň daşyndan aýlaýan planetalara ekzoplanetalar diýilýär. Ekzoplanetalary teleskoplar bilen tapmak kyn, sebäbi aýlanýan ýyldyzlar örän ýagty.

Astronomlar NASA-nyň maglumatlaryny ulanyp, 16 sagatda ýyldyzynyň daşyndan aýlanýan we massasy Ýupiteriňkiden 5 esse köp bolan adaty bolmadyk ekzoplanetany tapdylar.

Bilşiňiz ýaly, Günüň daşyndaky Ýeriň bir öwrülişigi “ýyl” hökmünde kesgitlenýär. Täze tapylan planetada bir ýyl bary-ýogy 16 sagat dowam edýär. Bu planeta ýyldyzyna aşa ýakynlygy sebäpli takmynan 3000 dereje temperatura gyzgynlyga sezewar bolýar. Astronomlar munuň şu wagta çenli ýüze çykarylan ikinji yssy planetadygyny aýdýarlar.

 Täze açylan planeta, Ýerden 855 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän, “TOI-2109” ýyldyzynyň daşyndan aýlanýar. Bu planeta  NASA-nyň “Tranzit Exoplanet” Gözleg Hemrasy tarapyndan tapyldy.

Massachusetts Tehnologiýa Institutynyň alymlary  maglumatlaryny seljerip, planetanyň aýratynlyklaryny açdylar.  Gözlegçiler, planetany belli bir wagtdan soň ýyldyz tarapyndan ýuwudylar diýip pikir edýärler.

Mekan AZADOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok