Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy bolan (“OPEC”) we käbir ýurtlardan gelýän haýyşlary we meýilnamalary göz öňünde tutup ýanwar aýyndan başlap günde 400 müň barrele çenli kem-kemden önüm öndürmek meýilnamasyny artdyrmaly diýen karar geldi.
Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky 13 agzaly OPEK guramasynyň we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky nebit öndürýän 10 ýurduň energiýa we nebit pudagy boýunça ministrleriniň 23-nji ýygnagynda bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçiligiň mukdaryny ýokarlandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
“OPEC” -iň beren beýanatynda toparyň häzirki wagtda nebit bazaryndaky esaslaryna laýyklykda ýanwar aýyndan başlap, önümçiligini günde 400 müň barrele çenli artdyrmak kararyna gelendigi aýdylýar.
Bu mesele boýunça degişli guramalaryň indiki ýygnagy 4-nji ýanwarda geçiriler.
Nazar JUMANÝAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Energetika we
inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.
Teswirler