Oba hojalyk pudagynyň batly gadamlary

Berkarar döwletimizde bagtyýar halkymyz  ösüşiň tuguny belende göterip, rowaçly menzilleri nazarlaýar, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny üstünliklere besleýär. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty giňden dabaralanýar, umumadamzat bähbitlerine dahylly başlangyçlar öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny doly üpjün etmek maksady bilen oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişini kämilleşdirmek, oba hojalygynda kuwwatly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak boýunça geçirilýän işlere uly üns berýär. Çünki bu pudak ilatyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi, bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ýylsaýyn artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, dürli himikatlar we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Şeýle hem oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmek, halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän möhüm maksatnamalarynyň düýp özenini düzýär. Bu pudagy sanlylaşdyrmak dünýä derejesinde çalt depginler bilen ösýär. Mysal üçin, dünýä ýüzünde 2017-2020-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk robotlarynyň ulanylyşy ýokary derejede artdy. Dünýä ilatynyň sanynyň ýyl-ýyldan köpelmegi, ilatyň azyk önümlerine bolan isleginiň ýokarlanmagy, oba hojalygynda işçi güýjüniň azalmagy, oba hojalygynda ykdysady çykdajylaryň artmagy – bularyň ählisi oba hojalyk pudagyny awtomatlaşdyrmaga esas döredýär. Bu bolsa önümçiligiň gowulanmagy bilen birlikde önümçilik çykdajylarynyň hem peselmegine getirýär.

Umuman, Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, ony girdejili pudaga öwürmek boýunça oýlanyşykly çözgütleri esasynda beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzyň oba hojalygyna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşap, halal hem-de yhlasly zähmet çekmekligine gönükdirilendir. Şeýle döredilýän mümkinçilikler üçin biz Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, bagtyýarlygyň, asudalygyň mekany bolan eziz Watanymyz Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda özüniň at-owazasy bilen mundan beýläk hem belentliklere göterilsin!

Ýazgeldi Halyşow,

TOHI-niň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok