Koronawirus epidemiýasy bilen ýokarlanan internet ulanylyşy sosial media platformalaryna-da peýdaly boldy. Epidemiýa döwründe ulanyjylaryň sanyny artdyran kompaniýalar bu döwürde rekord girdeji gazandy.
“We Are Social”-dan alnan maglumatlara görä, 2021-nji ýylda dünýäde iň köp ulanylan sosial media platformalary yglan edildi.
Maglumatlara görä, “Facebook” 2,7 milliard ulanyjy bilen dünýädäki iň uly sosial ulgam hökmünde hasaba alyndy. “Facebook” -dan soň “YouTube” 2,2 milliard bilen ikinji ýerde, “WhatsApp” 2 milliard bilen üçünji ýerde, “Facebook Messenger” 1,3 milliard bilen dördünji ýerde, “Instagram” 1,221 milliard bilen bäşinji ýerde orun almaklygy başardy.
Bularyň yz ýany bolsa beýleki meşhur platformalar bolan, “Wechat” 1,2 milliard ulanyjysy bilen, 617 million ulanyjysy bilen “QQ” platformasy öňdeligini saklamagy başardy.
Dilber GULGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.
Teswirler