Geljegiň iň meşhur we girdejili kärleri

Hünärmenler öňümizdäki ýyllarda möhüm ähmiýete eýe boljak iň meşhur we girdejili hünärleri yglan etdiler. Dünýäniň häzirki ýagdaýy göz öňünde tutulyp bu hünärleriň arasynda daşky gurşaw, tebigat, inženerçilik we lukmançylyk bilen baglanyşykly kärler meşhur bolup durýar. Bu hünärler ýörite dünýäniň tejribeli alymlary we hünärmenleri tarapyndan düzüldi. Bu barada “Business Insider” web sahypasy habar berýär.
Geliň olar bilen tanyş bolalyň:

  1. Syýasy ylymlar boýunça hünärler;
  2. Himiki inženerçilik;
  3. Gözleg analitikasy;
  4. Fizikler;
  5. Gidrologlar (suw ylymlaryndan hünärmenler);
  6. Azyk önümleriniň tehnologiýa hyzmatlary;
  7. Ykdysadyýetçi;
  8. Bioinženerler we biomedika hünärleri;
  9. Statistika hünäri;
  10. Epidemiologlar;
  11. Daşky gurşaw boýunça hünärler;
  12. Arheologiýa.

Rahym ÝALKABOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok