Türkmenistan we Adam hukuklary

2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-nyň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi.

Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramaklyga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle hem, 70 ýyl mundan ozal kabul edilen Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy adamyň we raýatyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar edýär, jynsy, aýal-erkekligi, dili, dini, ýaşaýan ýeri, syýasy we beýleki ynamlary, milleti ýa-da gelip çykyşy, emläk, wezipe ýa başga bi ýagdaýy ýaly aýratynlyklar boýunça hiç bir suratda tapawut etmän, her bir adama üpjün edýär, diýilip bellenildi.

Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgeleriniň we hukuk esaslarynyň berkidilmegi, her bir adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek Merkezi Aziýa sebitinde döwlet syýsatynyňileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG-nyň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleri, hökümetara guramalary, raýat jemgyýtleri, hususy ulgam we Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny goramaga niýetlenen ýörite maksatnamalary we meýilnamalay işläp taýýarlamak boýunça  amala aşyrýan işleri barada bellenilip geçildi. Şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlary BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň we BMG AHG-nyň Ýörite kadalary boýunça müdirliginiň öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde deňagramly we ýöriteleşdirilen ýörelgelerine hormat goýup, eden işlerini goldadylar.

Bu başlangyjy BMG-nyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň agza-ýurtlary we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň ählumumy goldaw berendigini bellemek zerurdyr.
Adam hukuklary baradaky mesele halkara hukugynda garalýan iň wajyp meseleleriň biridir. Adam hukuklary bu her bir adamyň jemgyýetde erkin, rahat we abadan ýaşamagy we durmuş gurmagy, jemgyýet we döwlet işlerine işeňňir gatnaşmaklary üçin zerur bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň jemidir.

Halkara giňişliginde her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Onuň taryhy 1948-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasynyň  kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary hakyndaky ilkinji resminama 30 maddadan ybarat bolup onda, esasy hukuk çeşmesi hökmünde adam hukuklary, azatlyklary hakynda giňişleýin bellenilip geçilendir. Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasy bütin dünýäde iň köp 500-den gowrak dilde terjime edilen resminama bolup, ol  dünýä jemgyýetçiligi hem-de her bir adam üçin örän möhüm hukuk resminamasydyr.

Adam hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça  ara alnyp maslahatlaşylýan halkara derejedäki konwensiýalar ýaly birnäçe resmi çäreler BMG-nyň wekilleri we şertnama gol çeken ýurtlar tarapyndan gurnalýar. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň şekillendirilen neşiri, Eliks keşbini döreden suratkeş Ýasina Aita Kasiniň we  BMG-nyň  Sebit Maglumat Merkezi hem-de BMG-niň   Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissiýasynyň Ýewropa Sebit bölümi tarapyndan bilelikdäki taslamanyň çäginde taýýarlandy we işlenip düzüldi.

Bu halkara güni bilen baglanyşykly,  Russiýa Federasiýasynda dürli resmi we resmi däl çäreleri geçirilýär. 2001-nji ýylda Andreý Saharow adyndaky “Žurnalistika üçin hereket hökmünde” atly baýragy döredilýär. Bu baýrak rus žurnalistlerine 10-njy dekabrda  Adam hukuklarynyň halkara gününde gowşurylýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň, şol sanda adam hukuklary ulgamynda gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistan möhüm halkara hukuk resminamalaryna goşuldy we şolarda tassyklanan düzgünleri amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýär.
Mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny, Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny hem-de 2019 — 2022-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Pudagara toparyň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we 2019-njy ýylda işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli çözmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Iş meýilnamasy Adam hukuklary babatynda milli meýylnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berilmegine, BMG-nyň gynamalara garşy Konwensiýasy boýunça milli döwürleýin hasabaty, Umumy binýatlyk resminamany  taýarlamakda we  täze Adam hukuklary barada milli meýylnamasyny işläp taýarlamakda tehniki ýardam berilmegine gönükdirilen çäreleri  öz içine alýar.

BMGÖM we Döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň arasyndaky bilelikdäki taslamanyň esasy maksady – döwletiň adam hukuklary barada halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryndan,  2016-2020 ýyllar üçin Adam hukuklary barada milli meýylnamasyny ýerine ýetirilmeginden Türkmenistanda  kanunlaryň, syýasatyň, tejribäniň  sazlaşygy arkaly adam hukuklarynyň goralmagynyň, geçirilmeginiň we ýerine ýetirilişiniň berkidilmegidir.

Agzalan taslamanyň çäginde BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetine  2016-2020 ýyllar üçin adam hukuklary babatynda hereketleriň  meýylnamasynyň ýerine ýetirilmeginde we  täze 2021-2025 ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasyny işläp taýarlamakda ýardam berýär.
Türkmenistanyň Hökümeti 2020-nji ýylda täze  Adam hukuklary babatynda milli meýylnamasynyň kabul edilmegini meýilleşdirýär, munuň özi bolsa demokratik özgertmeleriň durnuklygynyň esasy bolup hyzmat eder we Türkmenistan tarapyndan  adam hukuklaryny höweslendirmek we parahat jemgyýetini gurmak barada  BMG-nyň Tertipnamasynyň ykrar edýändiginiň tassyknamasydyr.

.

Döwletgeldi BABAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok