Gapdaky täsin ekosistema – florarium

Florarium – bu ajaýyp gözelligi özünde jemleýän dürli gaplardaky kiçijik baglaryň we ösümlikleriň özboluşly ekosistemasydyr. Florarium sözi “gapdaky bag” diýmekligi aňladýar. Dünýädäki iň meşhur hem-de uzak ýaşly florariumyň ýaşy 50 ýyla deňdir. Ony dörediji angliýaly D.Latimer hasaplanýar. Florarium adatça ýapyk we açyk görnüşde bolup bilýär. Latimeriň döreden florariumy bolsa ýapyk görnüşlidir. Ýapyk gapdaky ösümlikler ösüp, ösüşini tamamlandan soň ölýärler we çüýrüntgä öwrülýärler. Emele gelen çüýrüntgi täze ösüp başlan ýaş ösümlige iýmitlik bolup hyzmat edýär. Florariumlar dürli ululykdaky aýna gaplarda, akwariumlarda, hat-da tejribehana kolbalarynda, probirklarda hem ösdürilýär.

Florarium döretmek üçin nämeler zerur?

Onuň üçin islendik ululykdaky aýna gap, toprak, ownuk daşjagazlar, işjeňleşdirilen kömür, şeýle-de islege görä dürli görnüşli şekiljikler, bezegler gerekli bolýar. Arassalanan gabyň düýbüne salnan işjeňleşdirilen kömür ýa-da ownuk daşjagazlar möhüm absorbent bolup hyzmat edýär, ýagny her gezekki suwaryşdan soň toprakdaky artykmaç suwy sorup alýar. Toprak gatlagynyň galyňlygy gabyň ululygyna we ösjek ösümligiň kök ulgamyna bagly bolup durýar. Florariumy gün şöhlesinden ýa-da gyzdyrjylaryň golaýynda goýmazlyk maslahat berilýär. Gapdaky ösümlikler pürkmek arkaly suwarylyp durulýar. Gerekli boýuny alandan soň suwarmak bes edilýär, çünki gapda kondensasiýa ýüze çykýar. Ösümlikden bugaran suw damjalary gabyň diwaryna degip, ýene ösümlige gaýdyp gelýär. Netijede gabyň içinde mikroklimat döreýär.

Florariumda haýsy ösümlikler ulanylýar?

Ösümlikleriň saýlanyp alynmagy dörediljek florariuma bagly bolýar. Öý şertlerinde kaktus, mohlaryň dürli görnüşleri, daş bägülleri, orhideýalar we paporotnikler we ş.m. ulanylýar.

Tropiki ösümlikler – fikus, begoniýa, selaginella, asparagus, hamedoreýa ýaly ösümlikler saýlanyp alynsa, gapda ýokary çyglylygyň saklanmagyna üns bermeli, torfuň ulanylmagy ýaramly bolýar.

Çöldäki oazis. Munda esasan sukkulentler, kaktuslar (malefora, kalanhoe, molodilo, euforbiýa) saýlanyp alynýar we olary penjiräniň öňünde gün şöhlesiniň düşýän ýerinde goýup, hepdede bir gezek suwarmaklyk ýeterlik bolýar.

Dag peýzažy. Onda daşly, çagylly toprak örtügi we daglyk klimata mahsus bolan ösümlikler saýlanyp alynýar.

Mohlaryň dürli görnüşleri florariumyň esasy ýaşaýjylarydyr. Mohlardan sfagnum hem-de sugun mohy idegi az talap edýänligi bilen tapawutlanýar we gabyň içinde ajaýyp görnüşi emele getirýär. Gabyň içini wagtal-wagtal guran ýapraklardan, şahajyklardan arassalap durmak we ýylyň dowamynda 3-4 gezek goşmaça iýmit bilen iýmitlendirmek peýdalydyr. Gowy ideg edilen florariumlar otagyň içine aýratyn görk berýär we ynsanyň göwnüni göterip, şähdini açýar, belli bir derejede psihologiýasyna hem oňaýly täsir edýär.

Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok