Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynda ýerleşýän iri döwrebap tüwi arassalaýjy kärhana täze tüwi hasylyny gaýtadan işlemäge başlady. Sebitiň şalyçylary şu ýyl hem bu «merjen dänesini» taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Welaýatyň daýhanlary sekiz müň bir ýüz gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar. Ýygym möwsümi üstünlikli amala aşyrylyp, işiň ýokary derejede guralmagy üçin «John Deere» we «CLAAS» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlar ulanyldy.
Daşoguz welaýatynda bu ekiniň esasy öndürijisi Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň iki sany ýöriteleşdirilen hojalygy bolup, olar şalynyň ýerli toprak we howa şertleri üçin iň amatly «Müňbabaşy», «Nöküs-2», «Alenga» we «Bereketli» ýaly ýokary hasylly we kesele çydamly görnüşlerini üstünlikli ösdürip ýetişdirýär.
Belläp geçsek, şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde dört müň ýedi ýüz elli gektar ýere şaly ekildi.
Bilşimiz ýaly, Daşoguz welaýaty ýurdumyzda iň uly tüwi öndüriji welaýatlaryň biridir. Sebitde tüwini üstünlikli öndürip ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleri, şol sanda ýokary hilli tohum öndürmek, ekmek, ýygmak ýaly işler üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Kerim ÖWEZNEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler