Ýurdumyzda dil bilimini ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär hem-de birnäçe wezipeler durmuşa geçirilýär. Şol wezipeleriň ilkinjileriniň biri hem orta mekdepden uçurym bolan ýaşlaryň, hökmany suratda üç dili — türkmen, iňlis we rus dillerini bilmelidigidir. Döwrüň özgerişlere sary juda çaltlyk bilen hereket etmegi bu wezipäni biziň öňümizde borç derejesine çenli ulaldýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň gije-gündizki tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy barha artýar. Bu bolsa dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýakynlaşmagyna getirýär. Şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, bu tejribäni eziz Diýarymyzda hem ýola goýmak okgunly ösüş üçin iň zerur şertleriň biridir. Ata Watanymyz bilen dostana gatnaşyklary ýola goýan döwletlerde hem parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap alan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge isleg ýokary derejede.
Daşary ýurt dillerini bilýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek zerurlygy diňe ýokarda sanalanlar bilen çäklenmeýär. Bu gün dünýä jahankeşdeleriniň ünsi Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aşgabadymyzda, sebitde syýahatçylygyň merkezine öwrülen Awazamyzda, dünýäniň gymmatly miraslarynyň sanawyna giren Köneürgenjimizde, Nusaýymyzda, gadymy Merwimizde… Diýmek, daşary ýurt dilini bilýän hünärmenlerimiz syýahatçylyk pudagy üçin hem zerur eken. Diňe syýahatçylykdamy? Eýsem köp dil bilýän hünärmenler her bir pudak üçin zerur. Sebäbi döwlet Baştutanymyz ähli pudaklar boýunça halkara derejelerde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna badalga berdi.
Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň bize nämeleri berip biljekdigi barada pikir öwreliň. Iň ýönekeýje zat, daşary ýurtlaryň birine syýahata gidilende terjimeçisiz düşünşip bilmegiň ýa-da merjen paýtagtymyzyň görkana goýnunda gezim edip ýören gaýry döwletli myhmana onuň ene dilinde Aşgabat barada gürrüň bermegiň ýakymy nämä degmeýär?! Dünýä edebiýatynyň iň naýbaşy eserlerini asyl dilinde okamak hem bahasyna ýetip bolmajak lezzet bagyşlaýar. Bilýän daşary ýurt diliňde aýdymlary diňlemek, filmlere tomaşa etmek-de ýakymly. Galyberse-de, ata-babalarymyzyň «Bir dil bilen — bir adam, iki dil bilen — iki adam» diýen sözüniň özi hem dil öwrenmegiň ähmiýetini açyp görkezýärmikä diýip hasaplaýarys.
Resul ÝAZYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler