Nebitiň bahasy 2022-nji ýylda $100-den geçip biler

Russiýanyň RBC habar saýtynyň habar bermegine görä, “Saxo Bank” maliýe edarasynyň Baş ykdysatçysy we maýa goýum direktorynyň aýtmagyna görä şu gyş dünýäniň energiýa krizisiniň iň ýokary derejesine çykjakdygyny çaklady we geljek ýyl nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 ABŞ dollaryndan geçmeginiň mümkindigini belledi.

“Saxo Bank” maliýe edarasynyň Baş ykdysatçysy we maýa goýum direktory “Gyşyň gaty sowuk bolmagynyň ähtimallygy gaty ýokarydyr. Energiýa bolan isleg azalmaýar we ätiýaçlyklarynyň derejesi pes bolup, bu bolsa öz gezeginde tebigy gazyň we nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar” diýip belledi.

Şeýle-de berilen käbir beýanata görä, nebitiň bahasy häzirki bahalardan pes bolmaz, sebäbi dünýäniň ýüzünde çig mal üçin hakyky isleg bar.
Çig mal boýunça analitikler tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagynyň wagtlaýyn togtandygyny we tebigy gaza bolan islegiň ýokarlanjakdygyny we onuň bahalarynyň has galjakdygyny belleýärler.

Zöhre TÜRKMENOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok