Ýurdumyzyň senagat toplumyny, milli ykdysadyýetimiziň eksport babatdaky kuwwatyny sazlaşykly ösdürmek we artdyrmak boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika pudagyna hem möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, elektron senagaty pudagyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Elektron senagaty çylşyrymly tehnikalaryň önümçiligine girýär. Gündelik durmuşda ulanýan enjamlarymyzyň öz ýurdumyzda öndürilmegi milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagynda energetika senagatynyň ýurdumyzyň möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, bu ugurdaky ösüşler barada, bäsdeşlige ukyply elektron senagatynyň döredilýändigi barada belläp geçdi. Milli Liderimiz «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň öndürýän önümlerini mysal getirip, bu işde ýaşlaryň ornunyň artýandygyna guwanjyny beýan etdi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda serişde we energiýa tygşytlaýjy, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen elektron we elektrotehnika senagatyny döretmekde ilkinji kärhanalaryň biridir.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda döredilen bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan çagalar üçin reňkli monitorly we öwrediji kompýuterleriň gurnalmagy ýola goýuldy. Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan yşyklandyryş gurallarydyr dürli görnüşli LED çyralaryň, smart telewizorlaryň, elektroenergiýany ölçeýän enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Smart telewizorlary kompýuterlere, aragatnaşyk routerlerine we beýleki degişli enjamlara birikdirmek mümkinçiligine eýedir we bir dolandyryş enjamy arkaly dolandyrylýar. «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan interaktiw panelleri, elektron tor enjamlary, kompýuterler öndürilýär.
Şeýle önümçilikler elektrik enjamlarynyň dürli görnüşlerini — elektrik we gaz plitalaryny, demojagy, elektrik pejini we tozan sorujylary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Nazarowa Orazbike,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy
Teswirler