Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşleri ýylsaýyn ýokarlanýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy artýar, önümçilik ösýär. Bu bolsa garaşylýan netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär.
Ähli oba hojalyk işgärleriniň, gujur-gaýratly zähmet çekýän babadaýhanlarynyň, ýüpekçileriniň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanan üstünliklerine ser salmak ýakymly. Şu ýyl ýurdumyzyň ýüpekçileri 2 müň 100 tonnadan gowrak arassa ak piläni Watanymyzyň kümüşsöw harmanyna goşant etdiler. Gallaçy daýhanlarymyz guşgursak dänäniň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny ýygnamagy başaryp, borçnamalaýyn meýilnamalaryny berjaý etdiler. Şu ýyl ak pagtanyň 1 million 250 müň tonnasy ýygnaldy.
Şu ýyl gök, bakja önümleriniň, aralyk ekinleriň bereketli hasyly ýetişdirildi hem-de öz wagtynda ýygnalyp alyndy. Ak bazarlarymyzda önüm bolçulygyny kepillendirýän bu işe hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen üstümizdäki ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açylan ýyladyşhana toplumlary hem uly goşant etdi.
Bu üstünlikleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky giň göwrümli aladalarynyň, daýhanlara berýän ummasyz kömek-goldawlarynyň bardygyny aýdyp geçmek ýerlikli bolar. Sebäbi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýylyň-ýylyna kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň, olaryň iş gurallarynyň uly möçberleri satyn alnyp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär. Şonuň ýaly-da, kärendeçileriň tohum, dökün, suw we beýleki derwaýys serişdeler bilen üpjünçiligi gowulandyrylýar.
Soňky ýyllarda obasenagat toplumynyň tehniki binýady hem has pugtalandy. Munuň üçin ýene-de köp mukdarda maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şol binýadyň üsti döwrebap traktorlar, kombaýnlar, dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary we iň täze görnüşli enjamlary bilen ýetirilýär. Ine, hut ýakynda-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sargydy boýunça täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Olary ählisi-de dolandyrmagyň telematiki sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Süleýman GURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler