«Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu barada TDH habar berýär.

Žurnal Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.

Okyjylara hödürlenen “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň umumy häsiýetnamasy we aýratynlyklary” atly makalada kodeksi döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň islegine kybap getirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. Žurnalda çap edilen “Ýaşlar: bilim almaga bolan hukugyň amala aşyrylyşy” hem-de “Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy” atly makalalarda bolsa ýaş nesillere bilim bermek, hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky meseleler gozgalýar, çaganyň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalara garalýar.

“Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy” atly makalada bu ugurda oňyn dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär.

“Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ähmiýetli orny” atly makalada ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtalýar. Şunda ýurdumyzda kabul edilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Kanunyň ähmiýeti bellenilýär.

Neşiriň nobatdaky sanyny “Senenama” bölümi jemläp, onda duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.

Şirli Mämiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok