Uly ösüşler gazanyldy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl bölegini ösdürmäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän aladalarynyň hem-de berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde hususy pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde tutýan orny has berkedi. Häzirki wagtda hususyýetçiler senagatda, gurluşykda, oba hojalyk pudagynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda özleriniň işlerini alyp barýarlar. Olar öndürýän önümlerini diňe içerki bazarda ýerlemek bilen çäklenmän, daşary ýurtlara hem çykarýarlar. Indi hususy gurluşykçylara howa menzilleri, iri senagat kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary ýaly jogapkärli gurluşyklary hem ynanýarlar.

Ýakynda Türkmenabat şäherinde dörän täze ýaşaýyş toplumynda birbada köp gatly jaýlaryň 17-si we kottejleriň 70-si ulanylmaga tabşyryldy. Olaryň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşdylar. Has takygy, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda «Asyl ýurt», «Gadymy nagyş», «Demir gap», «Ak diwar», «Şöhratly zamana», «Gök ýaprak», «Behişdi ülke», «Ýeňişli ýollar», «Döwletli öý», «Bäş ussat», «Ak diwar» we «Bagtyýar zaman» hususy kärhanalarynyň paýy uly. Olaryň işiniň diňe bular bilen çäklenmeýändigini hem belläsim gelýär. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 246.790.911 manatlyk gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Olaryň 113.437.134 manatlygy ýaşaýyş jaýlarydyr, 133.353.777 manatlygy bolsa beýleki gurluşyklara degişlidir. Bu geçen ýylky edilen işler bilen deňeşdirenimizde, has köpdür.

Welaýatymyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem saldamly goşant goşýarlar. Içerki bazary oba hojalygynda öndürilýän azyklyk önümleri bilen üpjün etmek bilen, artygyny daşary bazarlara çykarmaga hem işjeň gatnaşýarlar. «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyna ýyladyşhana pomidoryny iň köp satýanlaryň sanawynda dünýä boýunça 4-nji orna çykandygy barada habar berilýär. Munda lebaply telekeçileriň hem mynasyp goşandynyň bardygyny belläsim gelýär. Geçen döwürde ýyladyşhanalarda oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçiler 4100 tonnadan gowrak pomidory eksporta iberdiler.

Welaýatymyzyň telekeçileri şu ýyl 116 million 581 müň manatlykdan gowrak oba hojalyk we azyk önümlerini öndürip, söwda nokatlaryna ugratdylar. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli köpdür.

Telekeçilik pudagynyň uly depginler bilen ösmeginiň gözbaşynda, elbetde, hormatly Prezidentimiziň tagallalary dur. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösdürmek ugrunda alyp barýan oýlanyşykly syýasatynda hususy önüm öndürijilere, hyzmatlary amala aşyryjylara uly orun berilýär, olara uly ynam bildirilýär we jogapkärli wezipeler ynanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolsa bu ynamy ödemek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmaýarlar. Häzirki wagtda welaýatymyz boýunça bu birleşmäniň 3855 agzasy bar. Olar ýylyň başyndan bäri söwda ugry boýunça 2.220.307 manatlyk maýa goýumlaryny özleşdirdiler. Hususy kärhanalarda 131.233.111 manatlyk senagat we gurluşyk önümleri öndürildi. Bu geçen ýyldakydan iki esseden hem köpdür.

Maglumatlardan görnüşi ýaly, welaýatymyzda hususy pudak ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Bu milli Liderimiziň telekeçiligi ösdürmek üçin berýän kömek-goldawlarynyň, döredýän mümkinçilikleriniň we ýeňillikleriniň aýdyň netijesidir.

Nazarowa Orazbike,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok