Türkmenabatda garyşyk mineral dökünler zawody gurlar

Häzirki wagtda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhana gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Zawody gurmak üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur resminamalar taýýarlanyldy. Guruljak täze zawotda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhanana ýola goýular.  Garyşyk  mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň umumy bahasy 18 million dollar bolar. Taslamany Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdelerini çekmek esasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Garyşyk mineral dökünlere azot, fosfor we kaliý elementlerini öz içine alýan dökünler degişli bolup, olar oba hojalyk ekinlerini iýmitlendirmekde öwezsiz dökünlerdir. Täze zawodda Germaniýanyň «Mashinenfabric Köppern GmbH & Co.KG» kompaniýasynyň özboluşly köpugurly tehnologiýasy ulanylar. Bu tehnologiýalar çylşyrymly dökünleri öndürmäge we belli bir toprakda anyk ösümlik görnüşi üçin mümkingadar howpsuz hem netijeli bolýan iň oňat garyndyny saýlamaga mümkinçilik berýär.

Garyşyk mineral dökünler«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümleri esasynda öndürmek meýilleşdirilýär. Sebäbi, ykdysady taýdan, şol sanda eksport nukdaýnazaryndan hem has bähbitlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Babamyrat HUDAÝNAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok