Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.» – diýip bellemeklik bilen, türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga çäksiz hormat goýýar. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda türkmen alymlarynyň Magtymguly atamyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan birnäçe ylmy işleri – «Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi», «Magtymguly we Gündogar edebiýaty», «Magtymgulynyň äleminde», «Köňül nagşy», «Köňül gözgüsi», «Türkmen ruhunyň almaz täji», «Magtymguly ylham çeşmesi», «Magtymguly hakynda rowaýatlar», «Sözüm, saňa Pyragy», «Magtymguly» kitaplary, şeýle hem beýik akyldaryň iki tomluk eserler ýygyndysy neşir edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen gol çeken Karary hem, Arkadag Prezidentimiziň nusgawy edebiýatymyzyň ägirt sütüni şahyr Magtymgula goýýan beýik sarpasydyr. Hormatly Prezidentimiziň jőwher paýhasy şahyryň dőredijiligini haýsy ugurda őwrenmelidigimizi bize salgy berýär.
Beýik çeper söz ussady, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyýete diňe akyl – paýhas öwretmek bilen çäklenmän, eýsem okyjysy bilen aýratyn täsirli dilde – ynsan duýgusyny güýçli tolgundyrmaga ukyply çeper keşbiň dilinde sözleşýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, őňdengőrüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbynda ebedi yz galdyrýar.
Bägül BAÝGELDIÝEWA,
D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler