Alymlar diňe bir biziň ýaşaýan planetamyzda däl-de, eýsem beýleki planetalarda, ýagny Gün sistemasynda Ýerde, Wenerada we Saturnda hem ýagýandygyny nygtaýarlar. Ýöne Saturnda kislotasy ýagyşlarynyň ýagýandygy anyklandy.
Dünýädäki iň uzak wagtlap ýagan ýagyş 1993-1994-nji ýyllarda ABŞ-nyň Gawai ştatynda hasaba alyndy. 247 gün dowam eden ýagyş soňunda biraz gowşap ýene-de güýçlenipdir.
Ýagyş ynsan duýgularyna hem täsir edip bilýär, çünki käbir adamlar şeýle howada şatlanýan bolsalar, käbirisi gamgyn bolýarlar.
Dünýäde iň çygly ýer bolan Hindistanyň Çerapunji şäherine bir ýylda 26460 mm töweregi ygal düşýär.
ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Uaýnsberg şäherçesinde her ýylyň 29-njy iýulynda ýagyş ýagýar, geň ýeri bu ýagdaý indi 100 ýyl bäri gaýtalanýar.
Ýagyndan goranmak üçin ulanylýan saýawan ilkibaşda gün şöhlesinden goranmak maksady bilen döredilipdir.
Ýagýan ýagyşyň güýji buludyň massasyna bagly bolup durýar. Uly massaly bulutdan ýagýan ýagyş damjalary-da iri we depgini güýçli bolýar. 1970-nji ýylda Gwadelupada hasaba alnan ýagyş minutda 380 mm-den hem geçipdir. Planetamyzyň käbir ýerinde bary-ýogy bir minut dowam edýän ýagyşly howa hem bolýar.
Iň iri ýagyş damjalarynyň ululygy 6-7 mm deňdir. Şeýle iri damjaly ygalyň düşýän ýeri esasan hem Marşal adalary hasaplanylýar.
Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäheri Ýewropadaky iň köp ýagyn ýagýan şäherdir.
Ýagyşy emele getirýän bulutlar deňizleriň, ummanlaryň üstünde emele gelip, ýeliň we howa akymynyň täsirinde başga ýerlere ýaýraýar.
Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwründe emeli ýagyşlaryň hem ýagdyrylýandygy köpümize mälim bolsa gerek. Emeli ýagyş ilkinji gezek Birleşen Arap Emirliklerinde döredildi. Şeýle emeli usulda ýagyş ýagdyrmaklyk dürli maksatlar üçin gerekli wagtynda peýdalanmaga şert döredýär.
Planetamyza bir ýylyň dowamynda 500 mlrd tonna möçberde ýagyş we gar düşýär. Ýagyşyň düşüş mukdary sebitlere görä üýtgeýär.
Köp adamlar ýagyşyň ysyny halaýarlar. Aslynda, ol ysy ýagyş suwy bermeýär, ol sianobakteriýalaryň, tozan bölejikleriniň we ýagyşyň düzümindäki elementleriň ýüze çykarýan ysydyr. Şol sebäpli hem käbir adamlarda şeýle ýagynly howa allergiki täsiri-de döredip bilýär.
Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler