Özgertmeler ýoly bilen durnukly ösüşlere tarap

Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler we ýetilen sepgitler şu günki gün özüniň aýdyňlygy bilen subut edýär.

Milli ykdysadyýetimizde daşarky amatsyz şertleriň ýaramaz täsiriniň häzirki döwürde hem dowam edýändigine garamazdan, şu ýylyň 10-aýynda gazanylan ösüşler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasat döwründe jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň 6,2 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijeleri bolup durýar.

Durmuş-ykdysady şertleriň üýtgemegi netijesinde bolup geçýän özgertmeler tutuş ykdysady ýagdaýa, şol sanda ýurdumyza getirilýän we ýurdumyzdan iberilýän harytlaryň düzümine hem-de möçberlerine öz täsirini ýetirýär. Öz ykdysady strategiýasynda eksporta gönükdirilen, importy çalyşýan önümçiligi ösdürmek ugruny ileri tutýan, ýurdumyz üçin häzirki döwürde eksporty höweslendirmegiň, oýlanyşykly import amallarynyň has netijeli görnüşlerini we usullaryny saýlamak we durmuşa geçirmek döwrüň talabydyr.

Şu nukdaýnazaryndan, aýdanymyzda importy çalyşmak içki bazarda import edilýän önümleriň möçberiniň azaldylmagyny aňladýar, ýöne ol daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny doly çalyşmagy aňlatmaýar. Importy çalyşýan syýasaty oýlanyşykly alyp barmak ykdysady taýdan bähbitli bolup durýar. Import önümleriň ornuny çalyşmak ugrunda alnyp barylýan işler ýurduň ykdysady strategiýasynyň we senagat syýasatynyň bir görnüşi bolup, import edilýän senagat harytlaryny we tehnologiýalary milli önümçiligiň önümleri bilen çalyşmak ýurduň içindäki önüm öndürijileri goramaga gönükdirilendir. 

Önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyny höweslendirmegiň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, goşulan gymmaty ýokary bolan täze önümleriň görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artdyrylmagy esasy strategik ugurlaryň biridir. Şunda täze tehnologiýalaryň ýokary derejede ösdürilmegi, ykdysady taýdan işjeň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde duran maksatlary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar.

 Ýokary ykdysady netijeleri gazanmak üçin diňe bir önümçiligi döwrebap derejede ösdürmek, ýagny önümi öndürmek ýeterlik bolman, eýsem, olary içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Sebäbi bu ýagdaý önümleri ýerlemekde täze, netijeli usullaryň gözlenilmegini talap edýär. Sarp edijileriň täze bazaryny gözlemekde, az wagtyň içinde olaryň çalt özgerýän isleglerini kanagatlandyrmakda ýurtda, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletlerinde guralýan sergi-ýarmarkalara gatnaşmak, söwda öýlerini açmak ýaly çäreler öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. 

        Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine iş saparyny amala aşyryp, “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, bu ýerde ýurdumyzyň önüm öndürijileriň öndürýän harytlarynyň dünýä äşgär edilmegi, bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden dünýä tanatmakda “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşanynyň “tanalamak indeksiniň”  ýokarlanmagyna itergi berýän şertleriň biridir. Bu işleriň amal edilmegi bolsa, önüm öndürijileriň eksport amallarynyň döwrüň talabayna laýyklykda guralmagyny şertlendirýär.      

       “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Şemşat Kiçigulowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok