Zähmet gatnaşyklarynyň ýurduň potensialyna edýän täsiri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly işler yzygiderli amala aşyrylýar, milli ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär, onuň her bir pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu işler ilatyň bagtyýar, abadan durmuşynyň çeşmesi bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adamlar baradaky alada, olaryň netijeli zähmeti, göwnejaý durmuşy we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr [34].

Ýurtda ykdysadyýetiň maglumat-kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda ýokary hünärli, öz işine ökde işgärleriň taýýarlanylmagy möhüm ähmiýete eýe. Bu ugurdaky çäreler bolsa, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri bilen bagly bolup durýar. Sebäbi, işçi güýji zähmet bazarynyň esasy agzalarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ilatyň zähmet üpjünçiligini düzgünleşdirmek, zähmet gatnaşyklaryny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmegiň binýatlaýyn şerti hökmünde ykrar edilýär, milli ykdysady ulgamyň durnukly ösmegini üpjün edýär.

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi zähmet bazarynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Iş bilen üpjünçilik durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde raýatlaryň maddy ýagdaýynyň mundan beýläk hem gowulanmagyna we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönümel täsir edýär. Şeýle hem, ol ykdysady ösüşiň häzirki zaman ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolmak bilen, abadan ýaşaýyşyň baş şertini emele getirýär. Döwlet tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly amala aşyrylmagy onuň netijeliligini artdyrýar. Bu aýratynlyklar ilaty iş bilen üpjün etmek meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin örän wajypdygyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda işgärleriň zähmet potensialy bilen bagly bolan meselelere ünsüň has-da güýçlenmegi onuň oňyn çözgüdiniň ýurtda ykdysady ösüşi üpjün edýändigi bilen ähmiýetlidir. Häzirki döwürde onuň derwaýyslygynyň has-da artmagy diňe bir ýurduň çäklerinde kemala gelen demografik, ykdysady we durmuş häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilmän, eýsem, belli bir derejede daşarky sebäpler hem öz täsirini ýetirýär. Hususan-da, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda işçi güýjüni globallaşmagyň, şeýle-de maglumat ulgamynda bolup geçýän düýpli öwrülişikleriň getiren netijelerine uýgunlaşdyrmak meselesi ähli ýurtlara häsiýetlidir.

Zähmet gatnaşyklaryna degişlilikde döwlet tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasaty diňe bir täze iş orunlaryny döretmek, ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly bolman, eýsem, işçi güýçleriniň hilini ýokarlandyrmak, hünär taýdan taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, işgärleri saýlamak we hakyna tutmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegini hem öz içine alýar.

Ýurtda ilatyň potensialyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup işgäriň kämilleşmegi, onuň zähmet potensialynyň netijeliligi çykyş edýär. Işgäriň kämilleşmek we potensialyny netijeli ulanmaklyk derejesine pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy we innowasion kabul edişligi bagly bolup durýar.

Häzirki wagtda jemgyýetiň baýlygy köp halatda adam maýasynyň we tebigy serişdeleriň jemi bilen kesgitlenilýär. Adam maýasy we bazar ykdysadyýetini ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we durmuşyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen onuň netijeli ulanylmagy her bir döwletiň strategik serişdesi bolup çykyş edýär. Munuň bilen baglylykda türkmen ykdysadyýetini has-da kämilleşdirmek meselesi ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda hereket edýän zähmet serişdeleriniň hiline baglydyr.

Häzirki zaman şertlerinde esasy wajyplygy zähmet serişdeleriniň netijeli ulanmaklyk baradaky sorag döredýär. Kärhanalaryň zerur zähmet serişdeleri bilen ýeterlik üpjün bolmaklygy, olaryň dogry ulanylmaklygy, zähmet öndürijiliginiň ýokary derejesi ýurduň her bir kärhanasynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu günki günde ylmy edebiýatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işçi güýji, olaryň zähmet potensialynyň meselelerine uly üns berilýär.

Ýurduň zähmet potensialy onuň zähmet serişdeleriniň ilatyň islegini kanagatlandyrmak üçin zerur bolan önümleriň we hyzmatlaryň maksimal göwrüminiň önümçiligine bolan ukybynyň jemi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň ýaly kesgitleme diňe serişdeleriň sany bilen däl-de, eýsem zähmet potensialynyň hili, onuň ulanylşynyň netijeliligi bilen hem düşündirilýär. Şeýlelik-de, esasy mesele zähmet potensialyny häsiýetlendirýän ykdysad-statistik görkezijiler ulgamyny, olaryň hasaplanyş usulyýetini we seljermesini işläp taýýarlamakda, onuň kesgitleýji faktorlaryny ýüze çykarmakda jemlenýär. Bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe we zähmet bazarynyň döremegi bilen zähmet potensialyna baha bermek zähmet serişdeleriň statistikasyna esaslanýar.

Ýurduň zähmet potensialynyň pes bolmagy zähmet bazarynda pudak edaralarynyň bäsdeşlige bolan ukybynyň peselmegine getirýär. Bu we beýleki aýratynlyklar ýurduň zähmet bazarynyň ýapyk bolmagyna, ýokary hilli zähmet güýjüni almak üçin üznüksiz bäsdeşlige ukypsyzlygyna getirýär. Bazar şertlerinde hojalygy ýöretmeklik zähmet potensialyna goşmaça talaplary edýär. Bäsdeşlik, bazaryň elmyda üýtgäp durýan ýagdaýy zähmetiň diňe san we hil häsiýetleri bilen beýan edilip bilinmeýär, onuň netijeliligi barada meseleler ýüze çykýar. Getirlen garşylyklar ýurduň ilatynyň zähmet potensialynyň derejesini öwrenmeklikligiň wajyplygyny şertlendirýär.

Zähmet potensialyny hil we mukdar taýdan häsiýetlendirmek bolýar. Ony mukdar taýdan häsiýetlendirmek üçin ydysady taýdan işjeň ilatyň, zähmete ukyply ilatyň sany, olaryň paýy, işgärleriň ýaş boýunça gurluşlary, iş tejribesi boýunça düzümi, işçi güýjüni ulanmak boýunça görkezijiler ýaly statistik görkezijiler ulgamy ulanmak bolýar.  Hil taýdan häsiýetlendirmek üçin işgäriň hünär-bilim derejesiniň, zähmet başarnyklarynyň, saglyk ýagdaýynyň, işgäriň şahsy häsiýetnamasynyň görkezijileri peýdalanylýar.

Bu görkezijiler zähmet potensialyna baha bermekde esasy görkezijiler ulgamy bolup çykyş edýär. Emma, köp alymlaryň pikirine görä, zähmet potensialyna we onuň netijeli ulanylyşyna baha bermegiň hem-de seljermegiň ýeke-täk usulyýeti ýok, şonuň üçin hem baha bermegiň ykdysady-statistik görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollaryny ýagny, ýeke-täk we esaslandyrlan usulyýetini işläp taýýarlamak derňewiň esasy wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. 

Bazar gatnaşyklarynyň döremegi, jemgyýetde syýasy we hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagy ähli çygyrlarda, şol sanda zähmet serişdeleriniň döremek, paýlanylmak, täzeden paýlanylmak we ulanmak çygrynda üýtgeşmeleri çaltlandyrýar. Zähmet potensialyny döretmek, netijeli ulanmak we ösürmek meselesini çözmek üçin bu çygyrlarda bolup geçýän hadysalara ykdysady-statistik baha bermek we ulanylýan görkezijileriň we usullaryň ulgamyny kämilleşdirmegiň esasynda olaryň netijelerini derňemek zerurlygy ýüze çykýar.

Çaryýewa Agabeg
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok