Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda diýen ýaly dünýä ülňülerine laýyklyk gelýän pamyk egriji fabrikler hereket edýär. Bu kärhanalar ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilip, bäsleşige ukyply döwrebap önümler öndürilýär. Şeýle fabrikleriň biri hem Türkmenabatda ýerleşýän pamyk egriji fabrikdir.
Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän dokma senagaty düzümleriniň hatarynda Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi abraýly orny eýeleýär. Kärhana 2014-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Pamyk egriji fabrikde köp isleg bildirilýän nah ýüplükleriň awtomatlaşdyrylan usulda öndürilýär. Sehleriň arassalygy, işleri bilen gümra ykjam we göze gelüwli işçi geýimlerindäki hünärmenleriň sazlaşykly hereketleri kärhana bilen baglanyşykly döreýän täsirleri baýlaşdyrýar. Giň we ýagty, dokmaçylyk boýunça dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň ýerleşýän binalary dokma senagatynda bolup geçen oňyn özgerişlikleri beýan edýär.
Ýurdumyzyň gowaça ekilýän meýdanlarynyň köpeldilmegi kärhanada çig malyň ýeterli bolmagyny hem üpjün edýär. Bu bolsa kärhananyň ýylyň dowamyndaky netijeli işiniň üznüksiz alnyp barylmagyna ýardam edýär.
Fabrikde şu ýylyň dowamynda 28 million manatlyk önüm öndürmegi meýilleşdirildi. Ýylyň başyndan bäri fabrik boýunça 33 million 347 müň 800 manatlyk önümiň öndürilmegi bu ýerde işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyna, işçileriň yhlasly zähmet çekýändiklerine şaýatlyk edýär.
Ymamberdi ANNAÖWEZOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler