Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy: sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete eýe bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasyna 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) döwlet baştutanlarynyň Päkistan Sammitine gatnaşdy. Mundan başgada 2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde “Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak” atly halkara maslahaty geçirilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy (YHG) – sebitleýin hökümetara ykdysady guramasy bolup, 1985-nji ýylda  döredildi.  Eýran Yslam Respublikasy, Päkistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. 1992-nji ýylda bu gurama alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da  işjeňleşdirdi.  Onuň düzümine birnäçe döwletler goşuldy. Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan Respublikalary onuň täze agzalary boldy. Agza döwletleriň ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygyny  ilerletmek;  sebitiň  dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar we senagat mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň arasyndaky däp bolan medeni aragatnaşyklary berkitmek; sebitara we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary bolup durýar.

Türkmenistan YHG-nyň döwlet baştutanlarynyň Sammitlerine işjeň gatnaşýar. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda YHG-nyň Aşgabatda bolan Sammiti Tejen—Sarahs—Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan başlanypdy. Şol gün Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa ýük gatnatmalary we demirýol gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dört taraplaýyn şertnama gol çekipdiler. 1998-nji ýylda Almatyda ECO döwletleriniň üstaşyr ýük gatnatmalary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi.

2008-nji ýylyň 28-nji maýynda döwlet  baştutanymyz bu guramanyň şol wagtky  Baş sekretary Hurşid Anwary kabul edipdi. Türkmenistanyň sebitde geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, Hurşid Anwar geljekde Stambul—Tähran—Aşgabat—Daşkent—Almaty aralygynda göni ýük gatnawyny açmagyň maksadalaýyklygyny teklip edipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti  Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Tähranda geçirilen 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup we oňyn bitaraplyk ýörelgisine eýerip, sebitleýin derejede, şol sanda YHG-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar.  Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw-energetika meselelerini çözmäge, sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişli şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. 2011-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag hem-de üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlykda  aýratyn bellärliklidir.

Ýurdumyzda köpugurly ulag infrastrukturasyny döretmegiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýene bir möhüm ugry bolup, şol infrastrukturanyň ykdysady we sosial ösüş boýunça milli we sebit derejesindäki meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm faktory bolup durýar. Täze Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Ýewropadan Pars aýlagynyň deňiz portlaryna tarap ýoly has gysgaldýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny gurmak boýunça birnäçe başlangyçlar durmuşa geçirildi. Ýewraziýa giňişligindäki beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýän ulag-kommunikasion taslamalary amala aşyrmak üçin tagallalary işeňňirleşdirmekde hem  möhüm işler amala aşyrylýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy döredilen gününden bäri onuň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgelere we maksatlara eýermek arkaly, haýsydyr bir syýasy ýa-da ideologik garaýyşlardan azat bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde öz ugruny saklap galdy. Şu ýörelgelere eýerip, YHG sebitiň çäklerinden çykyp, beýleki halkara guramalary we köpsanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de daşarky dünýä bilen gatnaşyklary giňeldýär. Şunuň bilen bir hatarda,  ýurdumyzyň garaýşyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezýär.      

Milli lidermiz öz çykyşlarynda energiýa geçirijileriň akymlarynyň toplumlaýyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna energetiki çig malyny dünýä bazaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygy bilen bagly möhüm mesele boýunça giň halkara gepleşigine girişmek baradaky teklibi berendigine üns çekýär. Mälim bolşy ýaly  degişli rezolýusiýanyň taslamasy BMG-niň  Baş Assambleýasynyň garamagyna berlende  Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan ähli ýurtlaryň şol rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi we soňra şonuň BMG-niň maslahatynda biragyzdan kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, dawalardan soňra ykdysady we sosial infrastrukturany dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigi aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň  Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna, owgan topragynda parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, doganlyk ýurduň ykdysadyýetiniň  dikeldilmegine, şol sanda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine, durmuş  maksatly desgalaryň gurluşygyna gatnaşmagyny hyzmatdaşlygyň anyk ugry  hökmünde görkezilýär. 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky  22-nji maslahaty 2012-nji ýylyň 11-13-nji iýunda geçirildi. Bu forumyň işine  Ykdysady Hyzmatdaşyk Guramasyna gatnaşýan ýyrtlaryň maliýe  we býujet edaralarynyň ýolbaşçylary hem işjeň gatnaşdylar. 2021-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary jenap Husraw Nozirini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Husraw Noziri 28-nji noýabrda – YHG-nyň gününde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň geçiriljekdigini aýdyp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň YHG  bilen hyzmatdaşlyga  uly ähmiýet  berýändigini, oňa esasan hem, ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny we döwletimiziň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna we möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklanylýar. Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde  sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.

.

Döwlet JUMAGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok