Oguljennet Bäşimowanyň goşgulary Eýran metbugatynda

Oguljennet Bäşimowanyň goşgulary “Saýran” gazetinde pars harplary bilen çap edildi.

Gazetde Oguljennet Bäşimowanyň gysga terjimehaly, “Alyslarda galan ýar”, “Siz diýmäň maňa” atly goşgularyna ýer berildi. Ýazgy pars harplary bilen, türkmen dilinde çap edildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynda çap edilýän we ýaýradylýan “Saýran” gazetinde ýerli hem-de sebit habarlary, edebi-publistiki makalalar pars we türkmen dilinde çap edilýär. Gazet on ýyldan gowrak bäri öz okyjylaryna ýetirilýär. Gazetiň baş müdirligini Saparguly Kuçeki ýerine ýetirýär.

Bu gazetde Magtymguly, Mätäji, Mollanepes, Kemine, Zelili ýaly nusgawy şahyrlar bilen bir hatarda, döwrümizdäki türkmenistanly ýazyjylaryň, şahyrlaryň, alymlaryň eserlerine ýygy-ýygydan ýer berilýär. Häzirki wagta çenli bu gazetde Atamyrat Atabaýew, Oraztäç Oraztaganowa, Gülşirin Hanowa, Kakamyrat Rejepow ýaly şahyrlaryň goşgulary çapdan çykdy.

Oguljennet Bäşimowa – şahyr, ýazyjy, žurnalist, terjimeçi. Onuň “Şahyryň gyzy men”, “Göçünden galan gazlar” şygyrlar kitaby; “Yşgyň azany”, “Yşk duzagy”, “Şekilsiz älemden”, “Husn” atly romanlary; “Merwden Mezopotamiýa çenli” ylmy-publisistik kitaby bar.

Magtymguly Pyragy, Möwlana Jelaletdin Rumy, Garajaoglan we Ýunus Emräniň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Rumynyň birnäçe saýlanan eserlerini türkmen diline terjime etdi.

Şeýle-de biografiki proza eserleri ýazdy. Möwlanynyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşgyň azany”, Garajaoglanyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşk duzagy”, Ýunus Emräniň durmuşy bilen baglanşykly “Şekilsiz älemden”, Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanşykly “Husn” atly romanlary we poemalary bar.

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ägirt halypalary hakynda makalalary, radio we telegepleşikleridir filmleri hem bar.

Şeýle-de okaň:
Jelaletdin Rumy barada kitabyň elektron görnüşi halk köpçüligi bilen paýlaşyldy
Ene-ata çagalar üçin gyzykly bolmaly (Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşlik)
Çaga üçin ene-atanyň berip biljek iň gymmat baýlygy näme? (Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşlik)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok