Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Bilim we Daşary işler ministrlikleri bilen bilelikde guralan Halkara maýa goýumy arbitražy boýunça ýörite okuwlar başlandy. Bu ýörite okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaş hukuk mugallymlary, şeýle hem hukukşynaslyk ugrundan okaýan IV–V ýyl talyplary üçin geçirilýär.
Ýaş hukukçylar guralýan üçin ýörite okuwlarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hünärmenleri, maýa goýumlaryna dahylly jedelleri çözmek boýunça halkara merkeziň Türkmenistan tarapyndan bellenen eminleri, halkara hukukçylar, ýerli hukuk şereketleriniň wekilleri, şu ugur boýunça professorlar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş edýärler. Okuwyň esasy maksatlarynyň arasynda ýaş hukukçylaryň bilimlerini artdyrmak, olary hünärlerinde kämilleşdirmek we milli hukuk binýadyny berkitmek ýaly meseleler bar. Täze başlanlar we geljekki hukukçylar üçin okuwlar indiki ýylyň maý aýyna çenli dowam eder.
Şeýle okuwlaryň geçirilmegi ýaş hukukçylaryň ýokary derejedäki taýýarlygynyň, halkara hukugyny çuňňur bilmeginiň daşary ýurt maýadarlary bilen ýüze çykýan jedelleriň döwletiň peýdasyna çözülmegine uly goşant goşar.
Gülbahar ÖWEZNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler