Türkmen diplomaty “Tatneft” kompaniýasynyň işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Kazandaky (RF) Baş konsuly Atadurdy Baýramow “Tatneft” kompaniýasynda myhmançylykda boldy. Bu baradaky habary “Tatneft” kompaniýasynyň resmi web sahypasy ýetirýär.

“Tatneft” kompaniýasynyň resmi web sahypasynyň habar bermegine görä, Kompaniýanyň baş müdiri Nail Maganow bilen duşuşan türkmen diplomaty, Modeller merkeziniň işi hem-de nebit ýataklary üçin geologiki we gidrodinamiki modelleri döretmekdäki mümkinçilikleri içgin bilen tanyşdy.

Saparyň maksatnamasy Almetiýewsk döwlet nebit institutynyň täze gözleg şäherçesine baryp görmegi we AGNI-de okaýan Türkmenistanyň talyplary bilen duşuşygy öz içine aldy.

A.Baýramow we N.Maganow şeýle-de kompaniýanyň hünärmenleri Türkmenistanyň ýataklarynda nebit önümçiligini iki esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän özara peýdaly hyzmatdaşlyk baradaky gepleşikleri geçirdiler. Şeýle hem, Türkmenistandan gelen talyplary AGNI-de nebit öndürmek pudagyndaky hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän geologiki we gidrodinamiki modellemek boýunça magistr programmasy boýunça taýýarlamak meselesine garadylar.

Kalendarowa Aýna
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok