Amyderýa
Halk hojalygynda gös-göni peýdalanylýan suwlara işjeň suw baýlyklary diýilýär. Muňa zeýkeş suwlary girmeýär. Ýurduň peýdalanylýan işjeň suw baýlyklarynyň ortaça göwrümi 33850 mln. metr kuba barabar bolup, şonuň 31.000 mln. metr kuby ýa-da 91,5%-i Amyderýa degişlidir.
Amyderýa buzluklaryň we garyň eremeginden suwlanýar. Şoňa görä derýa ýylda iki gezek joşýar. Birinji joşgun ýazyna, ýagny daglardaky garlar ereýän we ýagyş köp ýagýan wagty bolýar. Ikinji suw joşguny bolsa tomsuna buzluklar we beýik dag depelerindäki ebedi garlar erände bolýar. Köplenç joşgunlaryň ikisi-de utgaşýar. Şonda derýa 4-5 aý dolup akýar. Şol wagtlar derýa giň daşyp, onuň hanasynyň ini üç kilometrden gowraga ýetýär. Derýanyň umumy uzynlygy 2540 km bolup, onuň 1000 kilometri Türkmenistanyň çäginden akýar.
Amyderýa öz gözbaşyny Owganystanyň çäklerinde okean derejesinden 4900 m belentlikde ýerleşýän Hindiguş daglarynyň demirgazyk eňňidindäki we Pamir daglaryndaky buzluklardan we müdimilik garlardan alýar. Derýanyň gözbaşyna Wahjir diýilýär. Soňra oňa Wahanderýa, ondan aşakda bolsa Penç diýlip at berilýär. Penjiň Wahş bilen birigýän ýerinden başlap, derýa Amyderýa ady bilen akýar.
Garagum çöli
Türkmenistan ýer üstüniň häsiýetnamasy (relýefi) boýunça deň bolmadyk iki sany bölege bölünýär. Türkmenistanyň ýer üstüniň, takmynan, 85 göteriminde düzlük, galan 15 göteriminde bolsa daglyk we belentlik ýerleşendir.
Garagumuň meýdany 350 müň inedördül kilometr bolup, ol Türkmenistanyň çäginiň köp bölegini tutýar. Garagum çöli demirgazykdan günorta tarap, Horezm pesliginden Köpetdag etegindäki düzlüge we Parapamiz dag eňňitlerine çenli, Amyderýanyň jülgesinden başlap, günbatar Uzboýuň köne hanasyna çenli uzalyp gidýär.
Garagum çöli günbatardan gündogara çenli, takmynan, 800 kilometre, demirgazykdan günorta bolsa 450 kilometre golaý aralygy tutýar.
Garagum çöli fiziki-geografiki şertlerine görä, üç sany uly bölege — Merkezi Garaguma, Uňüz aňyrsyndaky Garaguma we Günorta-Gündogar Garaguma bölünýär.
Sähragül DURDYÝEWA
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler