Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi

16-njy noýabrda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeň ýaşlary sarpalamak, olara Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 62-si Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok