Ýurdumyzda elektrik energetika pudagynyň ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylymda gazanýan üstünlikleri Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar. Energetika senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy, täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinden müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileriniň birnäçesi täzelendi, täze energetika enjamlary oturdyldy.

Döwlet energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Ýokary we has ýokary ölçeglerde işleýän döwrebap elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen energiýa çeşmeleriniň hem-de türkmen energoulgamynyň has amatly iş düzgünini kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen baglylykda halkalaýyn energoulgamyny döretmek maksady bilen elektrik energetika pudagynda amala aşyryljak düzümleýin taslamalaryny ilerletmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz  eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan täze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda işe girizilýändigini belledi. Milli Liderimiz Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energoulgamy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň bir bitewi energoulgamyny döretmäge mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.

Şoňa görä-de, tutuş ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň halkalaýyn energiýa ulgamyny emele getirmek, energiýa tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, tebigy-howa şertlerini nazara alyp, günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Altymyrat AGAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok