Oba hojalyk önüm öndürijilere 99 ýyl möhlet bilen ýer bölünip berilýär

16-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýer E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bellenen tertipde uzak möhletleýin peýdalanylmaga berilýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ulgama hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işlerini dowam etdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer bu ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin bugdaý we gowaça hasylyny ösdürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermegiň teklip edilýändigini habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Çünki ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan bu ulgam ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýaly ösen senagat döwletine öwürmäge ýardam edýär. Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä we döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze guramaçylyk-hukuk usullaryny ornaşdyrmak örän wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalygynyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hususy maýa goýumlaryň döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini, täze iş orunlaryny döretmegiň esasy bolmalydygyny belledi we hödürlenen teklipleri makullap, olary degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilmegi, iş tejribesine öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şatlyk Hudaýberdiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň  mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok