ÝURDUMYZYŇ EKSPORT MÜMKINÇILIKLERI

Sanly ykdysadyýeti emele getirýän ýurdumyz dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlar bilen tanalýar. Şol sebäpden ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynda innowasion mümkinçilikleri gözlemeklik wajyp bolup durýar.

Innowasiýa – bu täzelik ýa-da üýtgeşme girizmek diýmek düşünjäni berýär. Innowasiýa haýsy görnüşde bolsa-da – kabul edilen  ýa-da yzygider kabul edilen netijedir. Häzirki döwürde innowasiýa diňe bir täzelik ýa-da üýtgeşme girizmek diýip düşünilmän, has kämil we häzirki zaman diýip hem düşündirilýär.

Çünki innowasiýa esaslanmak bütindünýäde ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ösüşiň açary hökmünde uly oruna eýe bolýar. Öndürilen harydy eksport etmeklik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjçleriniň biri bolup durýar. Köplenç halatda ýurduň innowasiýon häsiýetli, eksporta nazarlanan pudaklayň bolmagy, dürli ýurtlarda şol ýurduň tutuş milli ykdysadyýetini aýaga galdyrmaga güýçli täsirini ýetirýär.

Innowasion çemeleşme ykdysadyýetiň oba hojalygyndan başlap, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde we beýleki pudaklaryň ösmegine ägirt uly täsirini ýetirip, durmuş-ykdysady ösüşiň özboluşly hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Hazirki döwürde innowasiýa dünýäde özgerişligiň we ugurtapyjylygyň iň esasy we girdejili görnüşleriniň birine öwrüldi.

Bäsdeşlige ukyplylyk meselesine kembaha garamaklyk islendik haryt öndürijä we ýurda gymmat düşýär. Bäsdeşlige ukyplylygyň esasy şerti bolsa täzeçillikdedigi, ýagny innowasiýadadygy mälimdir.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzda eksporty çalt depginler bilen yzygiderli ösdürmek babatynda oňyn netijeler gazanylýar.

Milli Lidermiz tarapyndan öňe sürülýän ykdysady syýasata laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän milli harytlarymyzyň halkara ülňülerine laýyk gelmegini we bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak bolup durýar. Hili ýokary we bäsdeşlige ukyply harytlar innowasion ykdysadyýetiň ilkinji alamatlarynyň biri hökmünde kabul edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň uly depgin bilen emele gelýänligini görkezýär.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde emele gelen pudaklaryň biri-de dokma senagatydyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde dokma senagatynyň binýady berkden tutulyp, dokma kärhanalarynyň onlarçasy gurlup işe girizildi we müňlerçe iş orunlary emele geldi.

Berkarar döwletimziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu pudaga berilýän üns has-da ýokarlandy. Häzirki wagtda şol kärhanalarda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap öndürilýän önümler dünýä ýurtlarynyň ençemesine eksport edilýär. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda ulanylýan esasy çig mal pagta süýümidir. Häzirki döwürde dokma kärhanalarynda pagta süýüminden dürli görnüşli önümler öndürilýär we sarp edijilere iberilýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirlen özgertmeleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Şirin Annaorazowa
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallumy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok