Şu ýylyň 8-nji noýabrynda ýylda bir gezek bir ýere jemleýän halkara çäre bolan Bütindünýä telekeçilik hepdesi (BTH) geçirildi. Muňa her ýylda bolşy ýaly 180 ýurtdan telekeçilik ekosistemasyna girýän wekiller gatnaşdy. Bu çärä gatnaşýan telekeçiler iň täze telekeçilik önümleri we başlangyçlary bilen tanyşmaga, üstünlikleri we sebitlerinde telekeçilik medeniýetiniň ösüş derejesi barada maglumat alyşmaga mümkinçilik alýarlar.
Bütindünýä telekeçilik hepdesiniň esasy wezipesi bütin dünýäde telekeçilik medeniýetini emele getirmek we telekeçilik mümkinçiligini ösdürmekdir.
«МСТ» agentligi şu hepdäniň çäginde «Zenan Tehnologlar, Ashgabat» bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmäge, innowasiýalary öňe sürmäge we täze döwrebap taslamalara maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen birnäçe çäräni geçirdi.
«Başlangyjy nädip işe girizmeli» diýen okuw täze pikirleriň eýeleri, öz işini döretmäge we kynçylyklary çözmekde adamlara kömek etmäge çalyşýan ýaşlar üçin geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar telekeçiligi döretmek we ösdürmek üçin esasy ädimleriň nämedigini öwrendiler we dünýäniň dürli künjeginden gelen başlangyçlaryň mysallary bilen tanyşdylar.
Döwran ORAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler